«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli beýik işlere ulaşýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uzak möhletleýin iri maksatnamalar ägirt uly täsirini ýetirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp wakalara bagtyýar halkymyz tüýs ýürekden guwanyp ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi bilen, Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasy, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda Arkadag şäheri döredi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadag şäheriň birinji tapgyrynda gurlan döwrebap binalaryň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bagtyýar ýaşlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady üç zady — ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary hem-de guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri Milli Liderimiziň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtydyr. Bu şäher külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlarynyň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy. Arkadag şäheri — ýaşlaryň bagt şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu täsin şäher bagtyň we barlygyň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň mekanydyr. Ajaýyp tebigatyň goýnunda biri-birinden kaşaň köşklere, gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşaýan, zähmet çekýän we ylym-bilim alýan ýaşlaryň bagtyýarlygyna buýsanýarsyň. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolmagyna itergi berer. Milli Liderimiz: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr» diýip bellemek bilen, şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly ornuň degişlidigini görkezdi. Munuň hem sebäbi ýaşlaryň ykbalynyň Arkadag şäheri bilen gös-göni baglanyşyklylygydyr. Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan, ýaşlar bellenildi. Şäherde işleýän hünärmenleriň, ýaşaýan ilatyň, aglabasy ýaşlardan ybaratdyr. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly ösüşi öz beýanyny tapýar. Hawa, ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ýaşlar döwletimiziň şu günki daýanjy, ertiriniň mynasyp eýeleri, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny — geljegimiziň nuranalygyny nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen, şäherde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýaşlary beýik geljegimiziň gurujylary hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly strategik syýasatynyň netijesinde, ýaş nesliň bilim derejesini, hünär endigini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Ýaşlaryň döwletiň hem jemgyýetiň möhüm ugurlarynda öz pikirini aýdyp, alnyp barylýan işlere gös-göni gatnaşýandygy bu günki günde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň beýik galkynyşyny aňladýar. Häzirki günlerde «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ähmiýetini we gurluşyk, binagärlik ulgamyndaky ornuny ýaşlaryň goşandynyň bolamagy buýsandyrýar. Berkarar ýurdumyzda bagtyýarlyk bagtynyň şuglasy ýaşlaryň ykbalyna jöwhermaýa deýin garylyp-gatylyp gidýär. Arkadag şäherinde gurlan durmuş maksatly binalardyr ýaşaýyş jaýlary, suw çüwdürimleri, köşgi-eýwanlar bu gözellikler tutuş uly göwrümli eserlere mynasypdyr. Ýyllar geçer, asyrlar aýlanar, nesiller täzelener. Ady taryha ýazylan Arkadag şäheri edil üstünden ençeme ýüzýyllyklar geçse-de, mizemän duran gadymy galalar, köşgi-eýwanlar ýaly Arkadagyň gurduran şäheri hökmünde halkymyzy şan-şöhrata beslär. Bu şäher Watanymyzyň şu döwürdäki ýeten belent derejelerini neberelerimize buşlar durar. Watan — bize ykbaldan ýeten paý. Bu mährem toprakda türkmeniň köňül telwasy, ýüreginiň ýylysy, üwrelen sallançagyň bady, ene hüwdüsiniň hoş owazy jemlenendir. Goý, gözel ülkämiz güllesin, gül açsyn! Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň göwher gaşy kimin dünýä şugla saçsyn! Bagtyýar halkymyzyň eşrete eýlenen günleriniň binýadyny berkden guran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, at-owazalary mundan beýläk-de zyýat bolsun! Awtory: Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa.