BYD kompaniýasy islegi artdyrmak üçin elektromobilleriň bahasyna 35%-e çenli arzanladyş girizdi. «Bloomberg» agentliginiň ýazmagyna görä, bu ýagdaý hytaýly awtoöndürijileriň paýnamalarynyň bahasynyň aşaklamagyna sebäp boldy. BYD-nyň paýnamalarynyň bahasy 8,3% aşaklady. Li Auto, Great Wall we Geely ýaly kompaniýalaryň paýnamalary hem 5%-den gowrak gymmatyny ýitirdi. Şol bir wagtda, hytaýly dilerleriň ammarynda galan elektromobilleriň sany 3,5 milliona ýetdi, bu bolsa 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary görkeziji boldy. «BYD-nyň käbir arzanladyşlary aprelden bäri hereketde bolsa-da, resmi taýdan yglan edilmegi bazaryň nähili kyn ýagdaýdadygyny aýdyň görkezýär» — diýip, Tim Sýaonyň ýolbaşçylygyndaky «Morgan Stanley» analitikleri belleýär. BYD soňky aýlarda köne modellerini satmaga çalyşýar. Şonuň netijesinde, Seagull modeli 20% arzanlap 7780 dollara düşdi, Seal modeliniň bahasy bolsa 34% peselip, 14 müň 300 dollar boldy. Bilermenleriň pikirine görä, beýleki awtoulag öndürijileri hem bahalaryny aşaklatmaga mejbur bolarlar. «Biziň pikirimizçe, bäsdeş kompaniýalaram şuňa meňzeş arzanladyşyklary girizer. Mysal üçin, Chongqing Changan eýýäm Deepal S07 modeli üçin 25 müň ýuana çenli arzanladyşyk hödürledi, Leapmotor bolsa C16 we C11 krossowerleriniň bahasyny üýtgetdi» — diýip, «Citi Research» analitikleri belleýär. «Citi-niň» hasaplamalaryna görä, diňe bir hepdäniň dowamynda BYD-nyň diler merkezlerine müşderileriň gelimi 30-40% ýokarlandy. Eger bu ýagdaý satyn alyşlara-da täsir etse, BYD maý aýynda-da ösüşini dowam etdirip biler. Aprel aýynda kompaniýa şu wagta çenli 2025-nji ýylyň iň ýokary netijesini görkezdi we ýyllyk meýilnamasy bolan 5,5 million awtoulagy ibermek maksadyna golaýlaşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir