Toyota 2022-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen 443 000 töweregi Tundra pikabyny yzyna çagyrýar. CarBuzz neşiriniň habar bermegine görä, yzky çyralary näsazlyk tapyp biler, ýagny bloga aralaşyp biljek çyglylyk onuň poslamagyna we döwülmegine sebäp bolup biler. Netijede, yza basanda ýanýan çyralar işlemegini bes eder, bu bolsa esasanam gije heläkçiligiň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar. ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy (NHTSA) meseläniň çyralar gurnalanda ulanylan ýelimiň hili bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Ýelim çyglylyga çydamsyz bolup çykdy. Yza çagyryş gibrid görnüşlerini hem öz içine almak bilen, Tundranyň ähli bezeg derejelerine degişlidir. Bu diňe bir ABŞ-da satylan ulaglara däl, eýsem, beýleki bazarlara iberilenn ulaglara hem degişlidir. Toyota eýýäm ulaglaryň eýelerine we dilerlere habar ugradyp başlady. Hyzmat merkezleri yzky yşyklary mugt çalşar hem-de zerur bolsa simlerini barlar we abatlar. Kemçiligi resmi taýdan yza çagyryş başlamanka düzeden ulag eýeleri çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny sorap ýüz tutup bilerler. Bu Tundranyň soňky nesliniň ilkinji yza çagyrylmasy däl, ýöne iň ulusy bolup biler. Kompaniýa awtoulag eýelerini dilerleriň ýanyna gijikdirmän barmaga çagyrýar.