Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Marsyň Deuteronilus Cavus krateriniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlar Mars Express kosmos apparaty arkaly alyndy. Krater Gyzyl planetanyň demirgazyk ýarym şarynda ýerleşýär. Onuň diametric, takmynan, 120 kilometre ýetýär. ESA-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu formasiýa, takmynan, 4,1-3,7 milliard ýyl ozal emele gelip başlapdyr. Şol döwürde Mars asteroidleriň we kometalaryň yzygiderli urgularyna sezewar bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen krateriň daş görnüşine tebigy prosesler täsir edipdir. Suwuň we buzuň täsiri astynda onuň konturlary üýtgäpdir. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, eroziýanyň netijesinde krateriň göwrümi asylky nusgasy bilen deňeşdirilende iki esse ulalypdyr. Şeýle obýektleri öwrenmek alymlara Marsyň geologiki taryhyna we gadymy döwürde planetada bar bolan şertlere düşünmäge kömek edýär.