Google I/O konferensiýasynda Google we Samsung kompaniýalary Android XR platformasyna esaslanýan akylly äýnegiň prototipini görkezdi. Ol adaty äýnege meňzeýär, ýöne onuň sapy ýogyn bolup, onda görüş meýdanyny ýapmazdan maglumatlary görkezmek üçin tehnologiýa gizlenýär. Linzalara maglumaty kiçiräk penjire görnüşinde görkezýän ekran gurnaldy. Işjeň däl ýagdaýda wagt we howa görünýär. Görkeziş wagty kameranyň kämilleşdirilen interfeýsi görkezildi: suratlar gönüden-göni ekranda ulaldylýar. Şeýle-de, jaň, habar we hakyky wagtda tekst terjimesi ýaly funksiýalar bar. Esasy funksiýa nawigasiýa ugrukdyrmalary boldy. Ekranda ugur, öwrüme çenli aralyk we köçäniň ady görkezilýär. Kelläniň hereketine görä karta hem öwrülýär. Ýapyk binada şekiliň hili ýokary, ýöne köçede synaglar heniz geçirilmedi. Äýnek Android XR platformasynda işleýär we Gemini kömekçisini ulanýar. Ol howa çaklamasyna ses berýär, şekili tanaýar, kitaplar we dükanlar barada maglumat tapýar. Soraglara ses arkaly jogap berilýär, ekran bolsa maglumatlary çalt kabul etmäge mümkinçilik berýär. Google ýylyň ahyryna çenli bu platformany işläp düzüjiler üçin elýeterli eder. Samsung hem Android XR-iň esasynda AR şlemi Project Moohan-y anons etdi. Şeýle gurluşlaryň bazaryna öz akylly äýnekleri bilen Warby Parker, X-Real we Gentle Monster brendleri hem goşular diýlip garaşylýar. Google bilen Samsung-yň prototipi Meta-nyň we Apple-iň AR gurluşlaryna bäsdeş bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir