Honda trende eýerip, geljek on ýyl üçin ösüş strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýa öň wada berlişi ýaly diňe elektromobillere üns bermezlik kararyna geldi. Munuň deregine ol gibridlere we adaty benzin hereketlendirijili modellere ünsi gönükdirer. 2027-nji ýyldan 2031-nji ýyl aralygynda Honda 13 sany täze gibrid modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrokarlar bilen bagly käbir taslamalar ýokary bahasy sebäpli soňa goýuldy. Elektromobiller üçin umumy maýa goýum 69 mlrd dollardan 48 mlrd dollara çenli azaldyldy. Eýýäm şu ýyl täze sport gibrid kupesi Honda Prelude görkeziler. Şeýle-de, ýakyn ýyllarda Civic, Accord, CR-V, Pilot we Odyssey ulaglary täzelener. Bu modelleriň köpüsi gibrid görnüşine eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, Honda elektromobil hataryny hem ösdürmegini dowam etdirer. 2026-njy ýylda Honda Saloon elektrosedany çykar. Soňra ýene üç elektrik krossower çykarylar. Ýöne önümçilik depgini birneme haýal bolar. Mundan başga-da, Honda wodorod tehnologiýasyndan ýüz öwürmeýär. 2027-nji ýylda kompaniýa ýangyç elementlerinde işleýän täze modeli hödürlär. Şeýlelikde, Honda strategiýasyny häzirki bazar şertlerine görä sazlar. Esasy ileri tutulýan ugur alyjylaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän elýeterli we ýörgünli modelleri çykarmakdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir