SpaceX kompaniýasynyň Starship agyr raketasynyň dokuzynjy synag uçuşy şowsuz tamamlandy. Raketa ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 19:36-da (Aşgabat wagty bilen 04:36) Tehasdaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy. Uçuş birnäçe minut gijikdirildi, ýöne bu adaty ýagdaý hasaplanýar. Uçuşdan soň, raketanyň birinji basgançagy – Super Heavy tizleşdirijisi bolmalysy ýaly ikinji basgançakdan aýryldy. Soňra ol aşak düşüp başlady we howada ýaryldy. SpaceX ony yzyna gaýtarmagy meýilleşdirmändi, ýöne onuň ýarylmagy barybir mesele döretdi. Starship gämisi uçuşy dowam etdirip, 26 493 km/sag tizlige ýetdi we hereketlendirijilerini öçürdi. Bortda on sany Starlink hemrasynyň maketleri bardy, ýöne olar kosmosa goýberilmedi. Tiz wagtdan Starship çalt, ýagny sekuntda 10 aýlawa çenli aýlanyp başlady, bu hem ony mundan beýläk dolandyrmaga mümkinçilik bermedi. Netijede, kosmos gämisi aşak düşüp, dargap başlady. Onuň bilen aragatnaşyk ýitdi. Bu Starship-iň yzygider üçünji şowsuzlygy boldy. Ýöne ýedinji we sekizinji synag uçuşlaryndan tapawutlylykda, bu gezek kompaniýa iki basgançagyny-da ýitirdi. Aslynda, olar köp gezek ulanmak üçin niýetlenipdi.