«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär. Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy. Enjamyň Aýa uçuşy dört aý diýen ýaly dowam etdi, ol ýangyjy tygşytlamak üçin uzak traýektoriýany saýlady. Enjamy 5-nji iýunda Sowuk deňiz sebitine gondurmak meýilleşdirilýär. «Resilience» modulynyň bortunda alty enjam ýerleşýär. Olaryň arasynda Aýyň topragyny ýygnamak üçin enjam, «Tenacious» atly aý roweri, suwotylardan azyk öndürmek boýunça synag üçin modul, suwuň elektrolizi üçin enjam, radiasiýa datçigi we «Bandai Namco, Inc.» ylmy-barlag instituty tarapyndan döredilen ýadygärlik tagtasy bar.