Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, önümçiligiň başlanmagy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Zawod ABŞ-a we Kanada eksport etmek üçin ýylda 10 000 töweregi awtomobil çykarar. Taslamanyň çäklerinde Toyota Beýik Britaniýa ýapon inženerlerini iberer. Şeýle çözgüt Býornastondaky zawodyň ätiýaçlyk kuwwatyny ulanyp, demirgazyk amerikan bazaryna ulaglaryň iberilmegini tizleşdirmek islegi bilen baglanyşyklydyr. Bu bazarda GR Corolla benzin hereketlendirijili awtomobilleriň muşdaklarynyň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Çeşmeler önümçiligiň geçirilmeginiň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlary bilen baglanyşykly däldigini belleýär. 2025-nji ýylyň maý aýynda ABŞ Beýik Britaniýadan awtomobil importy üçin nyrhlary ýylda 100 000 ulag üçin 10%-e çenli azaltdy. Şol bir wagtyň özünde, ýapon awtomobilleri üçin nyrhlar 25% derejesinde galdy. Býornastondaky zawod eýýäm adaty Corolla-ny çykarýar, şol sebäpli ol sport GR wersiýasyny ýygnamak üçin hem laýyk gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir