«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy. «Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy. Batareýasy «TÜV Rheinland» tarapyndan sertifikatlaşdyrylan we 5 ýyldyz alan. «Realme GT 7» we «GT 7T» smartfonlarynyň halkara tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Parižde geçiriler. Global wersiýasy Hytaý wersiýasyndan tapawutly bolar. Onda «MediaTek Dimensity 9400e» çibi ornaşdyrylar, Hytaý wersiýasynda bolsa «Dimensity 9400+» ulanylýar. Şeýle-de halkara wersiýasynyň batareýasynyň sygymy 7000 mA·sag, Hytaý wersiýasynda bolsa 7200 mA·sag. Smartfon 7,5 Wt ters zarýad bermegi hem goldaýar. Enjamyň kamerasy esasy «Sony IMX906» sensor, 112° giňburçly obýektiw we 32 megapiksel öňdäki kamera bilen enjamlaşdyrylan. Öňdäki kamera 4K çözgütde sekuntda 120 kadrda wideo düşürmäge ukyply.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir