«OpenAI» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyny ulanmak üçin enjamlary taýýarlaýan «io Products» startapyny satyn alandygyny habar berdi. Amerikan metbugat çeşmeleriniň ýazmagyna görä, geleşik 6,5 milliard dollara baglaşylypdyr, şeýle-de pul serişdeleri paýnama görnüşinde tölener. Bu «OpenAI-yň» taryhyndaky iň uly satyn alyş boldy. «io» startapy mundan bir ýyl ozal «Apple» kompaniýasynyň öňki baş dizaýneri Joni Aýw tarapyndan esaslandyryldy. Ol «Apple» kompaniýasynda 30 ýyl diýen ýaly işläp, «iMac», «MacBook», «iPhone» we «iPad» ýaly esasy önümleriň döredilmegine gatnaşypdy. 2019-njy ýylda Aýw «Apple-dan» aýrylyp, öz taslamalary bilen meşgullanyp başlady. «io Products» hem şol taslamalaryň biridir. 2023-nji ýylda Aýw bilen «OpenAI-yň» esaslandyryjysy Sem Altman EA tehnologiýasyna gönükdirilen täze enjam döretmek barada pikir alşypdy. Şol ýylyň ahyrynda «OpenAI» kompaniýasy «io» startapynyň 23% paýyny satyn alypdy. Indi Aýw «OpenAI» bilen bilelikde adaty smartfonlara garanyňda, emeli aň bilen işleşmek üçin has amatly gajetler tapgyrynyň üstünde işleýär. Bu enjamlaryň ilkinjisiniň 2026-njy ýylda tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Aýw we onuň «LoveFrom» studiýasy diňe enjamlaryň däl, eýsem kompaniýanyň programma üpjünçiliginiň, şol sanda «ChatGPT-niň» hem dizaýnyny işläp düzer.