“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1-iň” Monte-Karlonyň ýolunda geçirilen sekizinji tapgyrynda ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler geldi. Öňdebaryjylaryň üçlügini Norrisiň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri jemledi. Norris üçin bu Awstraliýanyň Gran-prisinden soň möwsümde ikinji ýeňiş boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga Maks Werstappen (Red Bull), Lýuis Hemilton (Ferrari), Isak Hajar (Reýsing Bulls), Esteban Okon (Haas), Liam Louson (Reýsing Bulls), Aleksander Albon we Karlos Saýns (ikisi-de “Uilýams”) girdi. Sürüjileriň sanawynda Piastri öňdebaryjylygyna galýar (161 bal), ikinji orunda Norris (158), üçünji orunda Werstappen (136) ýerleşýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Maklaren” (319) eýeleýär, onuň yzyndan “Mersedes” (147) we “Red Bull” (143) gelýär. “Formula-1-iň” indiki tapgyry 1-nji iýunda Barselona welaýatynda geçiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir