ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy. “Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym. Eger şeýle edilmese, Apple üçin “azyndan 25%” möçberde paç giriziler” – diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazdy. Şol bir wagtyň özünde, ol bellibir möhlet goýmady we bu talabyň diňe iPhone-a ýa-da Apple-iň ähli önümlerine degişlidigini aýdyňlaşdyrmady. Apple-iň paýnamalary NASDAQ biržasynda şol pursat 4%, bir paý üçin 193,4 dollara çenli pese gaçdy. Apple-iň harytlary Hytaýda, Hindistanda we Wýetnamda öndürilýär. The Wall Street Journal gazetiniň habar berşi ýaly, kompaniýa nyrh söweşi başlamazdan ozal, önümçiligi Hindistana işjeň geçirip başlady. Ýöne has girdejili smartfon modelleri – Pro we Pro Max – Hytaýda öndürilmegini dowam etdirýär. Apple önümçiligiň bir bölegini ABŞ-a geçirmek mümkinçiligini öwrenýär, ýöne WSJ-niň hasabyna görä, muňa birnäçe ýyl gerek bolar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple Hindistana “göçülmegi” sebäpli 2025-nji ýylyň güýzünde hödürlenjek täze iPhone hatarynyň bahasyny ýokarlandyrmagy hem göz öňünde tutýar. CNN ABŞ-da öndürilen iPhone-yň öz bahasynyň azyndan 3500 dollar bolup biljekdigini hasaplady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir