2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy. Çärede Türkmenistanyň wekiliýeti hökmünde türkmen medeniýetini we atçylyk sungatyny dünýä giňişligine şöhratlandyrýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary mynasyp çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar milli mirasymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga agramly goşandyny goşýar. “Galkynyş” toparynyň agzalary at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezip, türkmen milli geýimleri we sazly çykyşlary bilen tomaşaçylarda hem-de halkara myhmanlarda uly gyzyklanma we höwes döretdiler. Türkmenistandan ýörite getirilip görkezilen ahalteke atlary tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdiler. Owadanlygy, çydamlylygy we özboluşly hereketleri bilen tanalýan bu meşhur atlar festiwalyň iň köp ünsüni çeken nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir