X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär. Şikaýatlaryň köpüsi ykjam goşundynyň işleýşi bilen baglanyşykly. Käbir ulanyjylar saýty ulanmakda hem meseleleriň bardygyny habar berdi. Lentany gaýtadan ýüklemäge synanyşyk edilende saýtda şeýle habar peýda bolýar: “Kemçilik ýüze çykdy. Sahypany täzeden ýüklemäge synanyşyň”. Bökdençlik dünýäniň köp sebitlerinde hasaba alyndy. Şikaýatlar ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Ýewropa ýurtlaryndan, Ukrainadan, Russiýadan, Türkiýeden we Ýaponiýadan gelip gowuşýar. Ýüz tutmalaryň iň ýokary derejesi dünýä wagty boýunça (UTC) irden boldy, ýöne meseleler häzir hem saklanýar. Sosial ulgamyň resmi wekilleri bu waka barada heniz teswir bermedi. Bökdençligiň sebäbi hem nämälim bolup galýar.