“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy. Ol 28 gol geçirdi we 18 assist etdi. “Liwerpul” bilen bilelikde Salah Premýer-liganyň ýeňijisi boldy. Salah “Liwerpulda” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 400 oýna gatnaşyp, 244 gol we 113 assist bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 55 mln ýewro deň.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir