BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy. Ulagyň öň bölegi hem meňzeş: ol “akula burnuna”, meňzeş tehnika we yşyklandyrylan radiator gözenegine eýe boldy. Speedtop-yň kuzowy gradient bilen boýaldy: goýy gyzyl Sunstone Maroon reňki kümüşsöw Sundown Silver reňkine geçýär. Dizaýnyň merkezi elementi kapotdan üçegiň üsti bilen yzky spoýlere uzaýan “spline” çyzygy boldy. Ulag ýörite bu model üçin işlenip taýýarlanan iki reňkli 14 keýeli (spisa) tigir disklerini aldy. Salon iki reňkli deri (Sundown Maroon we Moonstone White) bilen bezeldi. Sunstone Maroone reňki interýeriň aýry-aýry elementlerinde hem gaýtalanýar. Şeýle-de, “spline” çyzygy deri bezegine serpikdirilýän ýagtylyk şöhlesi görnüşinde görkezilýär. Şol bir materiallar we yşyklandyryş bagaž ýerinde hem ulanylýar. Ulag bilen bilelikde toplumda sargyt boýunça Schedoni torbasy iberilýär. Kompaniýanyň beýanyna görä, Speedtop jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin tassyklandy. Doly tehniki aýratynlyklar açylyp görkezilmeýär. Ýöne awtomobiliň häzire çenli BMW hataryndaky iň kuwwatly V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandygy belli. Ol Skytop-daky ýaly 620 a.g. kuwwatly goşa turboly 4,4 litrlik hereketlendiriji bolmaly. BMW bu uniwersaldan öz baý müşderileri üçin bary-ýogy 70 nusga çykarar. Resmi premýera Italiýadaky Concorso d'Eleganza Villa d'Este sergisinde bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir