Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir. Daniýada häzir pensiýa ýaşy 67 ýaş. 2030-njy ýylda ol 68 ýaş, 2035-nji ýylda 69 ýaş, 2040-njy ýylda bolsa 70 ýaş bolar. 2006-njy ýyldan bäri ýurtda pensiýa ýaşyny ömür dowamlylygy bilen baglanyşdyrýan ulgam hereket edýär. Bu ulgama görä, eger adamlar uzak ýaşaýan bolsa, pensiýa çykmagyň ýaşy her bäş ýyldan bir ýyl ýokarlanýar. 2022-nji ýylda hökümet komissiýasy bu düzgüne gaýtadan seretmegi teklip etdi. Ol ömür dowamlylygy bilen pensiýa ýaşynyň arasyndaky baglanyşygy gowşatmagy göz öňünde tutdy. Hünärmenleriň pikiriçe, bu býujetiň durnuklylygyny saklamaga we pensiýa çykmagyň şertlerini aşa kynlaşdyrmagyň öňüni almaga kömek eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir