Türkmenistanda saparda bolan Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri M.Mambetaliýew Türkmenistanyň medeniýet ministri, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory bilen duşuşdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi. Türkmenistanyň medeniýet ministri bilen geçiren duşuşykda iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunda özara tejribe alyşmagyň, degişli ugurlar boýunça göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetine üns berildi. Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory bilen geçirilen duşuşykda iki ýurtda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Gyrgyz tarapynyň wekili gyrgyz milli at üstündäki oýunlarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy, tazylardyr aw guşlary bilen aw awlamak däpleriniň dowam etdirilişi barada gürrüň berdi. Bu bolsa iki ýurduň arasynda milli at üstündäki oýunlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Soňra Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda gyrgyzystanly ussatlaryň ýerine ýetirmeginde gyrgyz milli at üstündäki oýunlarynyň görkezilişi boldy. Doganlyk halka mahsus bolan şeýle oýunlar çylşyrymlylygy, dartgynlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de myhmanlar tazylar we aw guşlary bilen aw etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir