Geçen 2024-nji ýylda howanyň üýtgemegi bilen bagly dörän giň möçberli ýangynlar dünýäde tokaýlaryň rekord derejede ýok bolmagyna sebäp boldy. Bu barada «azertag.az» neşiri habar berdi. Şunda diňe el degmedik tropiki tokaýlaryň 6,7 million gektary ýok boldy, bu 2023-nji ýyldakydan 80 göterim köpdür we Panama döwletiniň çägine golaýdyr. Geljek ýylda noýabrda Ählumumy howa sammitini kabul etmäge taýýarlyk görýän Braziliýa güýçli guraklyk sebäpli Amazoniýada dörän tokaý ýangynlarynyň öňüni almak üçin synanyşdy. Emma dünýäde tropiki tokaýlaryň iň uly paýynyň eýesi bolan Braziliýa 2,8 million gektar tokaýy ýitirdi. Boliwiýa we Kanada ýaly köpsanly ýurtlar hem tokaý ýangynlary sebäpli boşap galdy diýip, «Reuters» ýazýar. Bu Dünýä gorlary institutynyň (WRI) we Merilend uniwersitetiniň bilelikde çap edýän ýyllyk nutugynda hasaba alnan ilkinji ýagdaý bolmak bilen, ýangynlaryň tropiki tokaýlary ýok edýändigini subut edýär, munuň netijesi aslynda ýanmaly däl tebigy çygly ekoulgamyň taryhynda iň howsalaly döwri alamatlandyrýar. Habarda şeýle-de guraklyk, tokaý ýangynlary we oba hojalyk meýdanlaryny giňeltmek boýuna döwlet maksatnamasy netijesinde Boliwiýada tokaýlaryň ýitgisiniň 2024-nji ýylda 200 göterim artandygy bellenýär. Tutuş Latyn Amerikasy ýurtlarynda, şol sanda Meksikada, Peruda, Nikaraguada we Gwatemalada hem ýagdaý şeýledir. Kanada we Russiýa tokaý ýangynlarynyň gözegçilikden çykmagy bilen bagly geçen ýyl degişlilikde, 5,2 mln gektar tokaý ýitirdiler. Emma tebigaty goramak babatda içerki syýasat, ýerli ýaşaýjylaryň we hususy pudagyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Malaýziýada, Laosda we Indoneziýada tokaýlaryň ýitirilmeginiň iki esse azalandygy habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir