«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär. Täze gäminiň ady mälim edilmeýär, ýöne onuň tehniki aýratynlyklary şu ýylyň başynda ulanyşa girizilen «BYD Hefei» rolkerine meňzeşdir. Gäminiň uzynlygy 199,9 metr, ini 38 metr, suwa batyş derejesi bolsa 9 metrdir. Gämi adaty gämi ýangyjynda ýa-da suwuklandyrylan tebigy gazda işleýän goşa ýangyçly hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Gäminiň iň ýokary tizligi 18,5 uzele (34,3 km/sag) ýetýär. «BYD» kompaniýasy awtoulag eksportynyň artmagy sebäpli, öz flotuny ösdürip başlady. Kompaniýa bir ýarym ýylyň dowamynda alty sany rolker gurdy. Olaryň ilkinjisi bolan «Explorer No. 1» 2024-nji ýylyň ýanwarynda, altynjysy «BYD Xi’an» bolsa 2025-nji ýylyň aprelinde suwa goýberildi. Flotdaky iň iri gämiler bolan «Shenzhen» we «Changsha» 9200-e çenli awtoulag daşap bilýär. «BYD» sekizinji rolkerini 2026-njy ýylyň başynda ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir