Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply, ýüpekden ýasalan, biodargamaga ukyply nanoplastyr döretdiler. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär. Plastyryň düzüminde mikroskopiki iňňeler arkaly ösümlige siňdirilýän melatonin gormony bar. Bu madda ösümlikdäki antioksidantlaryň derejesini ýokarlandyryp, hlorofilliň we beýleki biomolekulalaryň dargamagyny haýalladýar, bu bolsa ösümligiň has uzak wagtlap täzeligini saklamaga mümkinçilik berýär. «Saklanyş möhleti geçýändigi sebäpli zyňylýan azyk mukdary 1,6 milliard adamy iýmitlendirmäge ýetýär. Işläp düzen tehnologiýamyz arkaly ABŞ-da we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ilatyň sagdyn we täze iýmitlere bolan elýeterliliginiň ep-esli artjakdygyny umyt edýäris» — diýip, MIT-niň dosenti Benedetto Marelli aýtdy. Alymlar melatoniniň ösümliklere edýän täsirini synlap, ony ulanmaga karar berdiler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu gormon ösümlikleriň öýjüklerinde antioksidantlaryň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýar we hlorofilliň hem-de floranyň ýaşaýşy üçin möhüm beýleki biomolekulalaryň dargamagyny haýalladýar. Ösümlikleriň baldagyna ýa-da miwesine siňdirilen az mukdardaky melatonin dürli mikroblaryň we kömelekleriň täsirine garşy durnuklylygy artdyryp, onuň solmagyny we dargamagyny haýalladyp biler. Bu tehnologiýa ABŞ-da, Hytaýda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylýan hytaý keleminde (bok-çoý) synag edildi. Plastyr kelemiň kökünde ulanylanda, ol otag temperaturasynda dört gün, senagat sowadyjylarynda bolsa ýene on günden gowrak täzeligini saklady. Awtorlaryň aýtmagyna görä, geljekde bu plastyrlar dronlar, robotlar ýa-da awtomatlaşdyrylan hasyl ulgamlary arkaly ulanylyp bilner. Bu bolsa, esasan-da, ýaşaýjylaryň sowadyjy enjamlara elýeterliliginiň bolmadyk sebitleri üçin örän möhümdir.