Mümkinçiligi bolan her bir musulmanyň umra zyýaratyny amala aşyrmagy sogaply amallardan hasaplanylýar. Mukaddes Käbäniň daşyndan 7 gezek aýlanmak, makamy Ibrahimde namaz okamak, Zem-zem suwundan ine-gana içmek, Safa we Merwe depeleriniň arasynda ýöremek - bu amallary ýerine ýetiren adamyň ýadynda ýatdan çykmajak waka bolup galýar Umra zyýaratyny her ýylyň Gurban aýynyň 9-13-i günlerinden başga günlerde ýerine ýetirýärler. “Mukaddes behişt ýoly” HK isleg bildirýänler üçin umra zyýaratyny berjaý etmekligi gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär. Zyýaratyň dowamlylygy – 7 we 14 gün. Zyýarata gitmek isleýänler üçin şu hyzmatlar hödürlenilýär: Wiza resmileşdirmek; Gidiş-gaýdyş awiabiletler; Myhmanhana, üç wagtyna nahar; Awtobus hyzmaty; Gid hyzmaty; Mukaddes ýerlere zyýaratlary gurnamak. Şeýle hem “Mukaddes behişt ýoly” HK zenanlara - don we ýaglyk, erkeklere bolsa - ihram sowgat berýär. Goşmaça soraglar üçin telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: +99360 19-60-00 +99365 68-83-86; +99361 18-76-76.