Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar. Veo 3 şekilleri audio bilen sinhronlap, ses effektlerini, fon sesini we hatda dialoglary goşýar. Ulanyjylar gahrymanlary, ýagdaýy we replikalaryň nähili eşidilmelidigini suratlandyryp biler diýip, Google DeepMind-yň ýolbaşçysy Demis Hassabis belledi. Kompaniýa Veo 3 modeliniň haýsy maglumatlaryň esasynda türgenleşdirilendigini görkezmeýär. Ýöne TechCrunch-yň maglumatlaryna görä, emeli aňy işläp taýýarlamakda YouTube-dan alnan materiallaryň ulanylan bolmagy mümkin. Ozal Google platformanyň kontentiniň EA modellerini türgenleşdirmek üçin “ulanylyp bilinjekdigini” aýdypdy. OpenAI, Runway, Alibaba we beýleki işläp düzüjileriň modellerinden tapawutlylykda, Veo 3 doly derejeli ses “bezegini” goldaýar. Tehnologiýa DeepMind tarapyndan işlenip düzülen video-to-audio ulgamyna esaslanýar. Ol wideony pikseller derejesinde seljerýär we laýyk sesi saýlaýar. Veo 3-üň kömegi bilen döredilen ähli wideolara dipfeýklerden we ýalan maglumatlardan goramak üçin awtomatik taýdan göze görünmeýän SynthID belligi goýulýar. Şol bir wagtyň özünde, köp hudožnikler we animatorlar alada galýarlar. ABŞ-nyň animatorlar gildiýasy tarapyndan geçirilen gözlegiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýyla çenli emeli aň kino, telewideniýe we animasiýa pudagynda 100 müň töweregi iş ornuny gysyp çykaryp biler. Veo 3 eýýäm aýda 249 dollar baha bilen AI Ultra ulanyjylary üçin Gemini programmasynda elýeterlidir.