20-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Pezeşkianyň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de geljekde olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň dekabrynda halkara maslahatyň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategiki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir