Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler. Olaryň makalasy Journal of the Mechanical Behavior of Biomedical Materials žurnalynda çap edildi. Alymlar munuň sebäbiniň deriniň astyndaky gan damarlary bilen baglydgyny anykladylar. Suwuň täsiri astynda olar daralýar, netijede deri mürşýär. Makala çap edilenden soň, bir okuwçy awtorlardan: "Barmaklardaky mürşmeler hemişe birmeňzeş emele gelýärmi?" diýip sorady. Bu sowala jogap bermek üçin barlagçylar goşmaça synag geçirdiler. Gatnaşyjylar barmaklaryny iki gezek suwa batyrdylar: ilki 30 minut, soňam bir günden soň ýene gaýtaladylar. Emele gelen “nagyşlar” suratlara düşürildi we deňeşdirildi. Mürşmeler birmeňzeş bolup çykdy. Alymlar muny barmaklardaky gan damarlarynyň ýerleşişiniň durnukly bolmagynda galýandygy bilen düşündirdiler. "Damarlar birneme süýşýär, ýöne olar biri-birine degişlilikde ýeterlik durnukly bolup galýar. Bu mürşmeleriň birmeňzeş emele gelmelidigini aňladýar we biz muny subut etdik" - diýip, gözlegiň awtorlaryndan biri aýtdy. Mundan başga-da, barlaga barmaklaryň duýşuna jogapkär orta nerwä zeper ýeten bir talyp hem gatnaşdy. Onuň barmaklary suwa batyrylanda mürşmeler emele gelmedi. Bu nerw ulgamynyň işleýşi bilen deriniň reaksiýasynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny tassyklady. Awtorlar öz gelen netijeleri kriminalçylara beden suwa degen ýagdaýynda-da barmak yzlary bilen işlemäge kömek edýär diýip hasaplaýarlar. Şeýle hem, olar netijeleriň lukmançylykda we biometrik tehnologiýalarda ulanylmagyny göz öňünde tutýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir