Ulaglaryň käbir modelleri ýol-ulag hadysalarynyň statistikasynda beýlekilerden has köp bellige alynýarlar. Bu dürli faktorlar: sürüjileriň demografiýasy, awtoulaglaryň göwrümi we hatda reňki bilen baglanyşyklydyr. Insurify ätiýaçlandyryş kompaniýasy ABŞ-da heläkçilige iň köp uçraýan awtoulag modelleriniň sanawyny çykardy. Bu maglumatlar infografikada görkezilýär. Sanawda esasan iri awtoulag öndürijileriniň modelleri bar. Şeýle-de bolsa, Mersedes-Benz, Porsche we Cadillac ýaly birnäçe premium brendler bu sanawa girmedi. Sanawyň başynda elektrik ulaglarynyň durýandygyny bellemelidiris. Birinji ýeri Kia Soul EV eýeledi. Şeýle hem öňdäkileriň hatarynda Chevrolet Bolt EUV (3-nji ýer), Volkswagen ID.4 (5-nji ýer), Bolt EV (8-nji ýer), Volt (11-nji ýer) we Kia EV6 (15-nji ýer) durýar. Anti-reýtingdäki ilkinji 20 awtoulag şulardan ybarat: 1. Kia Soul EV (15.14%) 2. Mazda Mazdaspeed 3 (12.57%) 3. Chevrolet Bolt EUV (11.75%) 4. Jeep Wrangler Unlimited (11.74%) 5. Volkswagen ID.4 (11.68%) 6. Jeep Wrangler / YJ (11.64%) 7. Hyundai Ioniq Hybrid (11.44%) 8. Chevrolet Bolt EV (11.40%) 9. RAM 2500 (11.21%) 10. Chrysler Voyager (11.21%) 11. Chevrolet Volt (11.14%) 12. Volkswagen EOS (11.10%) 13. RAM 3500 (11.09%) 14. Toyota Prius Prime (10.99%) 15. Kia EV6 (10.75%) 16. Lexus CT (10.64%) 17. Volkswagen Beetle (10.64%) 18. Kia Telluride (10.51%) 19. Jeep Gladiator (10.50%) 20. Lexus RC (10.42%)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir