SpaceX-iň, Thales Alenia Space-iň we NASA-nyň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Hstar kosmos kompaniýasy köp gezek ulanyp bolýan agyr göteriji raketany işläp taýýarlamaklyga girişendigini habar berdi. Renderlerde apparat daşyndan SpaceX kompaniýasynyň Starship-ine meňzeýär. Raketa diametri sekiz metr bolan iki basgançakdan ybarat. Doly köp gezek ulanylýan režimde ol Ýeriň töweregindäki pes orbita 40 tonna çenli ýüki çykaryp biler. Bölekleýin köp gezek ulanylýan wersiýada onuň göterijilik ukyby 60 tonna çenli bolar. Hstar raketanyň ilkinji gezek uçjak senesini entek mälim etmedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa eýýäm isleg bildirýänleriň ählisine kosmos gezelençleri üçin ýer bronlamagy teklip edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir