Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy. Ýaşaýyş durmuşy bu görkezijä 17%, ýagny sekiz esse köp täsir edýär. Garramaklygy çaltlaşdyrýan esasy faktorlara çilim çekmek, az hereketli durmuş ýörelgesi, köpçülikden üzňelik, ukyňy alyp bilmezlik, şeýle-de fiziki hem emosional ýadawlyk. Şeýle-de, girdejiniň derejesi we ýaşaýyş jaý şertleri hem möhümdir. Garramaklyk bilen baglanyşykly 25 faktoryň 23-sini üýtgedip bolýar. Diýmek, töwekgelçilikleriň köpüsine gözegçilik edip bolýar we wagtyndan öň garramagyň öňüni almak, esasan, gündelik endiklere baglydyr. Barlagyň awtorlary işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň, adamyň oňaýsyz genetikasy bar bolan ýagdaýynda-da, garramaklygy haýalladyp we ömri uzaldyp biljekdigini nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir