On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady. Oýun deňme-deňlik bilen tamamlandy. Oýun 4-nji aprelden 20-nji maý aralygynda (46 gün) Chess.com platformasynda “Fişeriň küşti” düzgünleri boýunça geçirildi. Bu düzgüne görä, pyýadadan başga ähli mallar birinji hatarda tötänleýin tertipde, ýöne iki tarap üçin meňzeş ýerleşýär. Karlsene “tutuş dünýä” garşy çykdy, onuň garşydaşlary her bir göçümini ses berip, has laýyk gelýänini saýlap ýerine ýetirdi. Şeýle oýunlar ozal hem geçirildi. 1999-njy ýylda şeýle oýna 13-nji dünýä çempiony Garri Kasparow, 2024-nji ýylda 15-nji dünýä çempiony Wişwanatan Anand gatnaşdy. Ýöne şol wagt gatnaşyjylaryň sany ep-esli azdy – degişlilikde, 50 we 70 müň töweregi adam. Eger Kasparow we Anand öz oýunlarynda ýeňiş gazanan bolsa, Karlsen duşuşygy deňme-deň tamamlady. Döw göçümleriň gaýtalanmagy sebäpli 32-nji göçümde tamamlandy.