20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi. Taslama FAO bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda tehniki hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýar. Çäräniň dowamynda FAO-nyň halkara bilermenleri Eran Raýzman we Dragan Angelowski çykyş etdiler. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan çykyş eden Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow bu ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzda mallary idetmek hem-de weterinariýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, epizootiki gözegçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge täze mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Seminara gatnaşyjylar halkara tejribesini, hukuk binýadyny we milli strategiýanyň taýýarlyk tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taslama mallary bellige almagyň halkara ülňülerine laýyk gelýän ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Ol institutlaýyn seljermäni, sanly çözgütleri hem-de hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.