Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy. Model ilkinji gezek «Arene» atly programma üpjünçilik platformasy bilen guruldy, bu bolsa ony «software-defined vehicle» (programmalaýyn kesgitlenen awtoulag) derejesine ýetirýär. Täze «RAV4» gibrid (HEV) we zarýad berilýän gibrid (PHEV) görnüşlerinde elýeterli bolar. PHEV görnüşi diňe elektrik energiýasy bilen 150 km-e çenli ýol geçip bilýär we 30 minutda 80%-e çenli çalt zarýad almak mümkinçiligi bar. Şeýle-de awtoulagdan öýe elektrik üpjünçiligi (V2H) funksiýasy hem göz öňünde tutulan. Elektromotory 12% güýçlendirilipdir, şeýle-de ýolsuz ýerlerde hereket ediş mümkinçiligi hem gowulandyrylypdyr. Salony «ada arhitekturasy» ýörelgesine görä bezelipdir, dolandyryş elementleri amatlylyk üçin bir ýere jemlenipdir. Multimediýa ulgamy täze platforma esasynda işleýär, ses bilen dolandyryşy we şahsy sazlamalary goldaýar. Ergonomika hem gowulandyrylypdyr. Bagažyň sygymy 749 litre çenli artdyrylypdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir