BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň býujetiň we işgärleriň sanyny azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. “Bu howply döwür, ýöne şol bir wagtyň özünde uly mümkinçilikleriň we borçlaryň döwri. Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy öňküsinden has möhüm” – diýip, Guterriş aýtdy. Ol durnuksyzlyk şertlerinde guramanyň işine täzeden garamagyň zerurdygyny belledi. Maksat BMG-ni has netijeli we çeýe etmekden ybarat. Bu babatda gözden geçirilýän teklipleriň arasynda Syýasy meseleler we parahatçylygy gurmak departamentini Parahatçylygy saklamak boýunça amallar departamenti bilen birleşdirmek bar. Şeýle-de, käbir bölümleri Nýu-Ýorkdan we Ženewadan az çykdajyly şäherlere geçirmek mümkinçiligine seredilýär. Baş sekretar BMG-niň apparatynyň häzirki göwrüminiň ýurtlaryň, aýratynam, wekiliýeti kiçi we serişdeleri az bolan ýurtlaryň mümkinçiliginden uludygyny aýtdy. Bu BMG ulgamynyň özüne-de degişlidir. “Biz formalizme we hasabatlaryň hem ýygnaklaryň sanyna asyl maksada öwrülmäge ýol beren ýaly. Üstünligiň ölçegi biziň döredýän hasabatlarymyzyň möçberi ýa-da geçirýän ýygnaklarymyzyň sany däl. Üstünligiň ölçegi – biziň işimiziň gymmaty, maksady we wezipesi biziň adamlaryň durmuşyna girizýän hakyky özgerişlerimizde jemlenýär” – diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi. Üýtgeşmeleri durmuşa geçirmek üçin BMG-niň agza döwletleriniň tassyklamagy gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir