Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylaryň wezipesi türkmen halkynyň baý milli medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýän web-saýtyň görnüşini döretmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça hem-de emin agzalaryň çözgüdi esasynda ýokary okuw mekdepleriň aşakdaky toparlary ýeňijiler diýlip yglan edildi: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy; I orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary paýlaşdylar; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de ýurduň Serhet institutynyň talyplary II orny eýelediler; III orny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berildi. Sylaglanyş dabarasynda hakatonyň ýeňijilerine we hemme gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.