ritaniýaly dizaýner Patrik Makdauell dizaýn ugrunyň ösüşine goşan şahsy goşantlary üçin «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragy bilen sylaglandy. Oňa baýragy Londonda ýerleşýän «180 Studios» studiýasynda geçirilen dabarada Britan moda geňeşi (BFC) tarapyndan Keýt Middlton gowşurdy. Bu barada «WWD» habar berýär. Baýrak 2018-nji ýylda Şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan esaslandyryldy. Ol moda ugrundaky üstünligi we durnukly ösüş babatda görkezýän liderligi üçin ýaş britaniýaly dizaýnerlere berilýär. Makdauellden öň bu baýragy diňe ýedi adam aldy: Riçard Kuinn, Betani Uilýams, Roş Mahtani, Priýa Ahluwaliýa, Sol Neş, Fodaý Dumbuýýa we Stiwen Stoki-Deýli. Patrik Makdauell – Central Saint Martins kollejiniň uçurymy, Liwerpulda doglan, häzirki wagtda Londonda ýaşaýar we işleýär. Onuň esaslandyran brendi ekologiýa uly üns berýär: eşikler sargyt esasynda taýýarlanýar, geýimler üçin abatlaýyş we dikeldiş hyzmatlary hödürlenýär. Ol munuň bilen çäklenmän, beýleki durnukly başlangyçlara hem gatnaşýar, şol sanda Pinko italýan brendi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem dabarada, «BFC/GQ Designer Fashion Fund» baýragynyň finalçylary yglan edildi. Sanawa Bleue Burnham, Clothsurgeon, Harri, Labrum London we Sol Neş girýär. Ýeňijä 100 müň funt berler. «FC/Vogue Designer Fashion Fund» baýragyna bolsa, nýu-ýorkly dizaýner Konner Aýwz mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir