Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy. Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy. Bu tehnologiýa awtonom agentlere toplanan tejribä esaslanyp, karar kabul etmäge mümkinçilik berýär. Onuň sözlerine görä, bu tans – «irki netije bolup, ýakynda has durnukly bolar». Maskyň aýtmagyna görä, wideodaky berkidijiler robotyň deňagramlylygyny saklamak üçin däl-de, diňe ýykylyp biläýjek ýagdaýynda howpsuzlyk maksady bilen ulanylýar. «Bu [wideo] häzirki wagtda [düşürildi]» — diýip, ol belledi. Kompaniýa Optimus-yň täzelenen wersiýasyny 2023-nji ýylyň dekabrynda tanyşdyrypdy. Täze nusga öňküsinden 10 kg ýeňil we 30% çalt hereket edýär. Şeýle-de hereketlerini dolandyrmak ukyby ep-esli gowulaşdyrylypdyr. Maskyň soňky bahalandyrmalaryna görä, 2040-njy ýyllarda dünýäde, takmynan, bir milliard gumanoid robot bolup biler. Ol Tesla-nyň şol bazaryň, azyndan, 10%-ine eýelik etmegine umyt baglaýar. Kompaniýanyň bellemegine görä, eýýäm 2025-nji ýylda Tesla kärhanalarynda «bir müňden gowrak ýa-da müňlerçe» Optimus roboty işläp başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir