DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar. Gahryman adamlaryň arasynda tankyda getiren hereketleri barada gürrüň berýär. Film DC-niň gaýtadan başlanan kinematografiýa äleminiň ilkinji filmi bolar. Aktýorlar düzüminde – Leks Lýutoryň keşbinde Nikolas Holt, Gyrgy gyzyň keşbinde Izabela Mersed, Ýaşyl Fonaryň keşbinde Neýtan Fillion we Jonatan Kentiň keşbinde Pruitt Teýlor Wins. Ýatlap geçsek, dekabr aýynda filmiň ilkinji tizer-treýleri çykypdy we ol bir günde 250 mln tomaşa ýygnady. Bu Warnr Bros. filmleri üçin rekorddyr. Ikinji tizer fewral aýynda peýda boldy. 2026-njy ýylda DC ýene iki film çykarmagy meýilleşdirýär – “Supergirl” we “Clayface”. Täze “Supermen” DC kinoäleminiň taryhynda täze bir baby açýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir