39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy. Gyz munuň üçin iki ýyl türgenleşdi. Öňki rekord 23 minut 19 sekunt bolup, awstraliýaly adama degişlidi we 2011-nji ýylda goýlupdy. Leýla dellekçi bolup işleýär. Ol ynsan aňynyň güýjüni görkezmek isleýändigini aýtdy. Synag wagtynda dostlary gitara çalmak bilen oňa goldaw berdiler. Saçyndan asylan Nun göwresini birnäçe gezek dürli ýagdaýda üýtgetdi. Şeýle çykyşlara gatnaşýanlaryň, köplenç, saçlaryny öz daňyş usullary bar we Leýlanyň usuly netijeli bolup çykdy. Sosial ulgamlarda müňlerçe abunaçy onuň durmuşyna syn edýär. Ol akrobatik tilsimleri ýerine ýetirýän we aýaklary bilen ýaý atýan suratlaryny hem-de wideolaryny internetde yzygiderli goýýar.