Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar. Olaryň arasynda kriptowalýutalar we daşary ýurt maýa goýumlary bar. Neşiriň maglumatlaryna görä, maşgala häzirki wagtda $TRUMP atly kriptowalýutadan girdeji gazanýar. Onuň bir tokeniniň bahasy, takmynan, 13 dollar. Bu kriptowalýutany satyn alan adamlar Ak Tama syýahat etmäge hukuk gazanýarlar. Trampyň maşgalasynyň kripto serişdelerini dolandyrýan «World Liberty Financial» kompaniýasyna Birleşen Arap Emirlikleri eýýäm 2 milliard dollar maýa goýdy. Şol serişdelerden her ýyl onlarça million dollar girdeji gazanylmagyna garaşylýar. Şeýle hem Katar Trampyň maşgalasynyň biznesi bilen baglylykda, 5,5 milliard dollarlyk golf meýdançasynyň we ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna maýa goýýar. Saud Arabystanyndan bir kompaniýa bolsa, Dubaýda «Trump International» myhmanhanasyny we beýleki desgalary gurmak üçin, 1 milliard dollar maýa goýdy.