14-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy. TDH-nyň habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär ýa-da ýakyndyr. Bu bolsa dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler we bu tejribäni dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi. Milli Liderimiz Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen Türkmenistanyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň bardygyny we bu gün özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini belledi we munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. BAE-niň wekilleri bu möhüm resminamalaryň uly ähmiýetini nygtadylar we ylalaşyklaryň gazanylmagyna beren goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Milli Liderimiz ýakyn wagtda Emirlikler tarapy bilen Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we Owganystanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda-da bilelikdäki işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.