Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi. Enjamlarynyň köpüsiniň Hytaýda ýygnalýandygyna garamazdan, Apple bahalaryň ýokarlandyrylmagyny ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara salan gümrük paçlary bilen baglanyşdyranok. Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýa bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp hökmünde, täze aýratynlyklaryň we dizaýnda üýtgeşmeleriň peýda bolmagyny gözkezer. «WSJ-niň» ýazmagyna görä, täze modelleriň biri örän inçe korpusly bolar we ol iPhone 16 Plus modeliniň ornuny tutar. Söwda çäklendirmeleri başlamanka, Apple önümçiliginiň bir bölegini eýýämden Hindistana geçirmäge başlapdy. Emma çeşmeleriň bellemegine görä, Pro we Pro Max ýaly ýokary derejeli modeller Hytaýda ýygnalmaga dowam eder. Hindistanda beýle modelleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak entek mümkin däl. Şeýle-de önümçiligiň bir bölegini ABŞ-a geçirmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar, emma bu proses birnäçe ýyla çekip biler. Täze iPhone hatary, adatça bolşy ýaly, güýz paslynda tanyşdyrylar. Häzirki wagtda ABŞ-da iPhone 16 modeliniň bahasy 799 dollardan, iPhone 16 Pro Max-yňky bolsa 1199 dollardan başlaýar. Apple-yň ýolbaşçysy Tim Kuk ozal ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gümrük paçlarynyň şu çärýekde kompaniýa goşmaça 900 million dollar çykdajy getirmegine we indiki çärýeklerde bu mukdaryň has-da artmagyna garaşylýandygyny aýdypdy. 12-nji maýda ABŞ bilen Hytaý häkimiýetleri gümrük paçlaryny özara 90 gün möhlet bilen peseltjekdiklerini mälim etdiler. 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder.