Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy. Olaryň hereketi balyklar toparynyň we guşlar sürüsiniň tebigy hereketinden ugur alýar. Link-botlar V şekilli baglanyşyklar bilen birleşdirilen kese aýaklary bolan 3D çap silindrlerinden ybarat. Bu silindrler diňe daşky wibrasiýanyň kömegi bilen hereket edýär. Esasy innowasiýa, olar programmalar bilen däl-de, V baglanyşyklarynyň geometriýasy bilen dolandyrylýar. Ýagny, baglanyşyklaryň birleşme burçuny ýa-da onuň berkligini üýtgetseň, robotyň tutuş hereketi-de üýtgeýär. Haçan-da olar diwar ýaly päsgelçilik bilen çaknyşanda, olar öz hereketini awtomatik üýtgedýär: diwar bilen ugurdaş hereket edip başlaýar ýa-da ugruny üýtgedýär. Synaglarda link-botlar dar geçelgelere girmegi, predmetleri daşamagy we özara hereket etmegi başardy: bilelikde ýükleri süýşürdi ýa-da birek-birege päsgelçilikden geçmäge kömek etdi. Robotlar toparyndan tapawutlylykda, olara simsiz aragatnaşyk ýa-da indiwidual dolandyryş gerek däl. Alymlar baglanyşyklaryň parametrlerini: uzynlygyny, birleşme burçuny we ş.m. üýtgetmek bilen ulgamyň özüni alyp barşyny çaklamak üçin hasaplaýyş modelini ulanýar. Şeýle robotlar ýükleri eltmek, gözegçilik ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Link-botlar dürli materiallardan ýasalyp biler. Indiki ädim daşky şertleriň täsiri bilen öz parametrlerini üýtgedýän adaptiw baglanyşyklary döretmekden ybarat.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir