Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär. Google 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek nyşanyny täzeledi. Esasy element öňküsi ýaly «G» harpy bolup galdy, ýöne korporatiw reňkler, ýagny gyzyl, sary, ýaşyl we gök indi biri-birine geçýän gradient görnüşde ýerleşýär. Reňkleriň arasynda öňki ýaly aýdyň araçäk ýok. Täze stil nyşany Google-yň emeli aňly Gemini çat-botynyň dizaýnyna has-da ýakynlaşdyrýar. Täzelenen nyşan eýýämden iPhone üçin niýetlenen Google ykjam goşundysynda elýeterli. Ol soň kompaniýanyň beýleki hyzmatlarynda hem peýda bolar. On ýyl ozalky täzelenmede, Google setir «g» harpyny baş «G» harpyna çalşypdy. Amazon bolsa nyşanyny soňky 20 ýylda ilkinji gezek täzeledi. Ok görnüşli ýylgyryş has giňeldi, şrift bolsa kompaniýanyň bellemegine görä, has «häzirki zaman we dostlukly» görnüşe geçirildi. Amazon-yň habar bermegine görä, täzelenen görnüşiň üstünde bir ýarym ýyl işlenilipdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir