Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy. Synagyň netijesine görä, sekiz sany sifrden ybarat açar sözi döwmek üçin, 15 minut gerek bolýar. Eger açar sözi diňe setir harplardan ybarat bolsa, bu proses, takmynan, üç hepdä çekýär. Açar sözünde san bilen harp bilelikde ulanylsa – 62 ýyl gerek bolýar. Iň berk açar sözleri bolsa, dürli belgileriň, sifrleriň we baş-setir harplaryň utgaşmalaryndan ybarat bolanlardyr – olary döwmek üçin, takmynan, 164 ýyl gerek bolýar. Öňki RTX 4090 modeli bilen deňeşdirilende, täze RTX 5090 ortaça 33% ýokary öndürijilik görkezýär. Emma iň çylşyrymly açar sözlerini döwmekdäki tizligi iki esse artýar: ozal 2 müň ýyl gerek bolsa, indi, takmynan, 1 müň ýyla çekýär. Hive Systems kompaniýasy hakyky howpuň diňe hüjümçileriň elinde heşirlenen açar sözleri bazasy bolanda ýüze çykýandygyny belleýär. Muňa garamazdan, «1234» ýa-da «qwerty» ýaly ýönekeý we giňden ulanylýan açar sözleri birnäçe sekuntda çözülýär. Hünärmenler maglumatlary ygtybarly goramak üçin, uzyn we çylşyrymly açar sözlerini ulanmagy maslahat berýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir