Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär. Mysal üçin, 62 müň mil (takmynan, 100 müň km) ýol geçen 2020-nji ýylyň «Model 3» awtoulagy bary-ýogy 19 müň dollara satylýar, bu bolsa elektrikli awtoulaglar bazarynda örän bäsdeşlikli baha hasaplanýar. Üstesine-de, alyja goşmaça 1 ýyl ýa-da 10 müň mil ýol geçýänçä kepillik hem berilýär, bu bolsa söwdany has-da özüne çekiji edýär. Has köp ünsüňi çekýän zat bolsa, batareýasyna we hereketlendirijisine 2028-2029-njy ýyla çenli kepillik berilýän awtoulaglar bar. Bu ýagdaý, esasan-da, batareýanyň ygtybarlylygy we çalt könelip-könelmeýändigi bilen bagly alada edýän müşderiler üçin möhüm faktor bolup durýar. Şeýle-de käbir ujypsyz aýratynlyklar bar: käbir awtoulaglarda «abatlanan» diýen bellik bar, emma Tesla abatlaýyş işleriniň nähili alnyp barlandygyny aýtmaýar. Bu ýagdaý käbir alyjylarda ynamsyzlyk döredip biler. Söwdanyň ýene bir ýaramaz tarapy, yzyna gaýtarylmaýan 500 dollar möçberindäki öňünden töleg we transport çykdajylarynyň hökmany görnüşde alyjy tarapyndan tölenmegidir. Şeýle-de alyjy satyn almazdan öň awtoulagyň hakyky suratlaryny görüp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, bu teklip täze elektromobile köp çykdajy etmän, töwekgelçiligi pes derejede saklap geçmek isleýänler üçin, örän özüne çekiji mümkinçilik bolup durýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir