Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro noutbugyny görkezdi. Onuň tanyşdyrylyşy ýörite çärede geçirildi we bu ýerde myhmanlar täze noutbuga we onuň programma üpjünçiligine baha berip bildi. Noutbuk çal-gök reňkde solgun görnüşli korpusa we yzky panelde kümüşsöw Huawei logotipine eýe boldy. Ýokarky sag burçda ýerleşýän işletmek-öçürmek düwmesi barmak yzynyň skaneri funksiýasyny hem ýerine ýetirýär. Gurluş USB-C porty arkaly 140 Wt kuwwatly çalt zarýad berşi hem goldaýar. MateBook Pro maglumatlar bilen alyşmak we Windows gurluşlaryndan maglumatlary import etmek üçin Huawei smartfonlaryny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Gurnalan EA kömekçisi Celia prezentasiýalary döretmäge, duşuşyk belliklerini umumylaşdyrmaga, resminamalardan maglumatlary almaga we programmalar bilen işlemäge kömek edýär. HarmonyOS eýýäm RedNote, Bilibili we Feishu programmalaryny goldaýar. Geljekde gabat gelýän programmalaryň sany 2000-den geçip biler. MateBook Pro-nyň satuwy 19-njy maýda başlar. Şol wagta çenli Huawei noutbugyň goşmaça aýratynlyklaryny hem aýan eder.