1972-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan Wenera planetasyny öwrenmek maksady bilen uçurylan «Kosmos-482» kosmos apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy. Bu barada «Roskosmos» habar berdi. TsNIIMaşyň berýän maglumatlaryna görä, apparat 10-njy maýda, Aşgabat wagty bilen sagat 11:24-de atmosferanyň dykyz gatlaklaryna giripdir. Ol Hindi ummanynyň üstünde, Orta Andaman adasynyň günbataryndan, takmynan, 560 kilometr uzaklykda dargapdyr we Jakartanyň günbataryna gaçypdyr. Bu hadysa Ýeriň töweregindäki kosmos giňişliginde howply ýagdaýlar boýunça öňünden duýduryş berýän awtomatlaşdyrylan ulgam tarapyndan gözegçilikde saklanypdyr. «Kosmos-482» Sowet Soýuzynyň Wenerany öwrenmek boýunça ylmy maksatnamasynyň bir bölegi bolupdyr. Ol planetanyň üstünden maglumat geçirmegi başaran «Wenera-8» apparatyndan soň taýýarlanylypdyr. Emma «Kosmos-482» güýçlendiriji blogundaky näsazlyk sebäpli, Ýeriň orbitasyny terk edip bilmändir. Şondan bäri, ýagny 50 ýyldan hem gowrak wagt bäri, bu apparat uzyn elliptik orbitada hereket edip, ýuwaş-ýuwaşdan pese düşüp gelýärdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, apparatyň agramy, takmynan, 500 kilogram. Alymlaryň çaklamagyna görä, ol berk gurluşy we ýylylykdan goraýjy gatlagy sebäpli, atmosfera girmegi başarypdyr.