LG Electronics Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen SID Display Week sergisinde awtoulaglar üçin täze displeý tehnologiýasyny tanatdy – süýnýän we fiziki düwmeleri emele getirýän OLED ekran. Bu çözgüt sensorly ekran bilen fiziki dolandyryşy utgaşdyrýar diýip, «TechRadar» neşiri habar berýär. Displeý, takmynan, ýene 50%-e çenli uzap bilýär, 100 ppi çözgütde we doly RGB reňk derejesinde işleýär. Demo wideosynda ses dolandyryjy we menýu üçin iki sany fiziki düwme ekranyň ýüzünde peýda bolýar. Netijede, aýratyn dolandyryş panellerine bolan zerurlyk azalýar. LG bu ulgamyň sürüş wagtynda amatlydygyny aýdýar, ýöne düwmeleriň peýda bolmagy birnäçe gezek ekrana täsir etmegi talap edýär. Bu bolsa sürüjiniň ünsüni sowup biler. Ulgam BMW-niň iDrive tehnologiýasyna meňzeş, ýöne goşmaça ädimler bilen işleýär. Şeýle hem LG kompaniýasy 57 dýuýmlyk sütünden-sütüne displeýini we üçekden çykyp-girip bilýän 18 dýuýmlyk OLED displeýini hem görkezdi. Bu displeýler, esasan, ýolagçylar üçin niýetlenendir. Bu enjam, esasan, ýokary derejeli awtoulaglar üçin niýetlenendir: ýolagçylar üçin amatlylyk we arassa dizaýn, sürüjiler üçin bolsa has kämil, üns sowmaýan ulgam gerek.