Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda lukmançylykda iki çemeleşme ulanylýar: sintetiki transplantatlar ýa-da näsagyň öz öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen damarlar. Emma politetraftoretilen we polietilentereftalat ýaly sintetiki materiallar diňe uly diametrli ýagny, diametri 6 mm-den gowrak damarlara gabat gelýär. Olaryň ulanylmagy gan damarlarynyň dykylmagy, diwarlaryň zaýalanmagy we ýokanjyň aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Autologiki transplantatlar 30% ýagdaýda şowsuz bolýan çylşyrymly operasiýalary talap edýär. Alymlar täze usulda syçanyň ýylmanak myşsa öýjüklerini we fibroblastlary ulandylar. Olary gidrogel bilen garyp, biosyýa aldylar. Garyndyny bioprinterdäki şprislere guýdular we damar emele getirmek bilen aýlanýan demir sterženiň ýanyna eltdiler. Awtorlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu usul dürli uzynlykdaky we diametrli çydamly hem-de bio ylalaşykly damarlary çalt döretmäge mümkinçilik berýär. Kollagenli gidrogel diwaryň deformasiýasyny peseldýär, öýjük donory hassanyň özi bolman hem biler. Işläp taýýarlama süýji keseli we ateroskleroz ýaly kesellerde ulanylyp bilner. Barlagyň netijeleri Scientific Reports žurnalynda beýan edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir