2026-njy ýyldan başlap “Altyn globus” baýragynda iň gowy podkast üçin täze kategoriýa peýda bolar. Baýragyň guramaçylary bu nominasiýada ilkinji ýeňijiniň baýragyň 83-nji gowşurylyş dabarasynda saýlanjakdygyny habar berdi diýip, Deadline ýazýar. Dalaşgärleriň sanawyna alty podkast girer. Olary saýlamagyň şertleri bolsa gijräk yglan ediler. 2026-njy ýylda “Altyn globus” üçin bäsdeşleriň atlary 8-nji dekabrda belli bolar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy bolsa 11-nji ýanwarda geçiriler we onda 27 dürli kategoriýada ýeňijiler yglan ediler. Agşamyň alypbaryjysy Nikki Gleýzer bolar. “Altyn globusyň” prezidenti Helen Hene podkastlaryň wakalar bilen paýlaşmagyň we ýerleşýän ýerine hem ýaşyna garamazdan adamlary birleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülendigini belledi. Şeýle-de, baýraga hem ýönekeý audiopodkastlaryň, hem wideo görnüşli podkastlaryň dalaş edip biljekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir